Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý +993 422 6-34-37   lebapob@awtoulag.gov.tm
  • TM
  • RU
  • EN
LebapAutoulagLogo
«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi
HALKYŇ ARKADAGLY
ZAMANASY
LebapAutoulagLogo
  • Baş sahypa
  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Täzelikler
  • Sargytlar
  • Gatnawlaryn rejesi
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

Döwlet Baştutanymyz demir ýol düzümini kämilleşdirmek dogrusynda wezipeleri kesgitledi

01.10.2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 30-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetiň beýleki ugurlary bilen birlikde ýurdumyzyň demir ýol ulaglar düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy, onuň has-da ösdürilmegi we netijeliligini ýokarlandyrmak dogrusynda maslahatlaşyldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň mejlisiň dowamynda ýurduň demir ýol ulaglary ulgamynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky beren hasabatynda bu ugurda «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, halkara şertnamalara hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, bu ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we hilini gowulandyrmak, demir ýol ulgamynyň düzümini kämilleşdirmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňlemek bilen, Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek üçin demir ýol düzümine degişli häzirki zaman desgalarynyň kuwwatyndan doly derejede peýdalanmalydygyny hem-de demir ýol boýunça ýük daşalyşynyň möçberiniň has-da artdyrylmagyny gazanmalydygyny aýtdy hem-de agentligiň ýolbaşçysyna pudagyň düzümini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Belläp geçsek, degişli bellenilen wezipeleriň esasynda ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň düzüminiň kämilleşdirilmegi we onuň işjeňleşdirilmegi nazarda tutulýar.

«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi

Bölümler

  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Galereýa
  • Täzelikler
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

Habarlaşmak üçin

  • Biziň salgymyz: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý
  • Telefon: +993 422 6-34-37; +993 422 6-29-11;
  • E-mail: lebapob@awtoulag.gov.tm
© "Lebapawtoulag" - Önümçilik birleşigi. Ähli hukuklar goragly.