Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý +993 422 6-34-37   lebapob@awtoulag.gov.tm
  • TM
  • RU
  • EN
LebapAutoulagLogo
«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi
HALKYŇ ARKADAGLY
ZAMANASY
LebapAutoulagLogo
  • Baş sahypa
  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Täzelikler
  • Sargytlar
  • Gatnawlaryn rejesi
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

IRU Türkmenistanyň «e-CMR» teswirnamasyna goşulmagyna ýokary baha berýär

13.03.2023

«Trend» habarlar agentligi Awtomobil ulaglarynyň halkara Birleşiginiň (IRU) Türkmenistanyň gümrük pudagy üçin sanly üsthatlary ornaşdyrmakda Halkara ýol gatnawçylary türkmen birleşigine (THADA) goldaw berýändigini habar berdi. Çeşme bu babatda IRU-nyň TIR we üstaşyr bölüminiň müdiri Tatýana Reý-Belleniň sözlerine salgylanýar.

Tatýana Reý-Belleniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň dekabrynda «e-CMR» teswirnamasyna (ulag üsthatynyň elektron görnüşi) goşulmagy bu goldawyň netijesi boldy. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň gümrük we ulag edaralary IRU-nyň sanly üsthatlaryň (e-CMR) ylalaşykly çemeleşmäniň binýadynda iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine goldaw bermek üçin döredilen BMG ÝYK-yň ýörite toparynyň çägine girýän beýleki ýurtlaryň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky teklibine işjeň jogap berdiler.

Mundan başga-da, hünärmen 2022-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hökümetiniň halkara söwda we ulag pudagynda amaly we görnükli netijeleri gazanyp, netijeli we ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirendigini aýtdy.

«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi

Bölümler

  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Galereýa
  • Täzelikler
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

Habarlaşmak üçin

  • Biziň salgymyz: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý
  • Telefon: +993 422 6-34-37; +993 422 6-29-11;
  • E-mail: lebapob@awtoulag.gov.tm
© "Lebapawtoulag" - Önümçilik birleşigi. Ähli hukuklar goragly.