Türkmenistan halkara ulag geçelgesiniň netijeliligini artdyrmagy teklip edýär

Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky Sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Prezidenti Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda türkmen Lideri Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara ulag geçelgesi boýunça konteýner gatnawlaryny ýola goýmakda dörttaraplaýyn şertnamany baglaşmagy teklip etdi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Çeşmede bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň hatarynda ulag-logistika pudagy hem ara alnyp maslahatlaşyldy we bu nukdaýnazardan Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol gatnawynyň täze ugur hökmünde geljegi uly diýlip kesgitlenilýär. Bellesek, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran täze demir ýol geçelgesi 2014-nji ýylyň dekabrynda işe girizildi. Ol Hytaýdan Eýrana çenli aralygy 500 km gysgaltmaga mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da habar berlişine laýyklykda, gepleşiklerde HHR-iň Prezidenti Si Szinpin Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygyny goldaýandygy, bu taslamanyň esasynda Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz üpjünçiliginiň her ýylda 65 milliard kub metre barabar boljakdygy nygtalýar.