Aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň Tertibi we möçberi tassyklanyldy

11-nji noýabrda döwlet Baştutatymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň tertibini we şol ýygymyň möçberini tassyklamak hakyndaky» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bu barada TDH-niň sahypalarynda habar berilýär.
Döwlet Baştutanymyz bu babatdaky hasabaty diňlemek bilen, pudaklaýyn düzümiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy, iň öňdebaryjy enjamlaryň we täzeçillikleriň ulanylmagy netijesinde, ýurtda aragatnaşygyň köp şahaly ulgamynyň üstünlikli işleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz bu Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly iberdi we agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Degişli Karara gol çekilmegi netijesinde ýurtda aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almak bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmek, alynýan ýygymyň möçberini kesgitlemek maksady bilen, şeýle-de «Aragatnaşyk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň Tertibi, şeýle hem şol alynýan ýygymyň möçberi tassyklanyldy.