Türkmenistan kämil gümrük ulgamyna üstünlikli goşulýar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň sanly mümkinçilikleri barha artýar. Ýakynda gullugyň «TIR-EPD» ulgamy «ASYCUDA World» awtomatlaşdyrylan gümrük maglumatlary ulgamy bilen birleşdirildi.
Gullugyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, Carnet TIR (MDP depderçesi) astynda daşalýan harytlaryň deslapky elektron deklarasiýasynyň TIR-Electronic-Pre-Declaration ulgamy Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň teklibi bilen Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) tarapyndan işlenip düzüldi.
«TIR-EPD» tehnologiýasy ýük daşaýja öz ýüki barada baryljak ähli ýurtlaryň gümrük gulluklarynyň elektron maglumat ulgamyna awtomatiki usulda girýän doly maglumatlary öňünden girizmäge mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýa IRU bilen gümrük edarasynyň arasyndaky proseduralar barada elektron maglumatlary awtomatik alyş-çalyş etmek üçin uly bolmadyk programma modulynyň «ASYCUDA World» awtomatlaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyna ygtybarly integrasiýasydyr.
Türkmenistanda IRU bilen IT gurallaryny ornaşdyrmak boýunça işlere 2020-nji ýylyň iýul aýynda badalga berlendigini aýtmak gerek. «TIR-EPD» — halkara ýol ulaglary proseduralaryny kompýuterleşdirmekde möhüm ädimdir.
«TIR-EPD» eýýäm 32 ýurtda işleýär: Awstriýa, Azerbaýjan, Owganystan, Belarus, Belgiýa, Bolgariýa, Bosniýa we Gersegowina, Wengriýa, Germaniýa, Gresiýa, Gruziýa, Ysraýyl, Hindistan, Eýran, Italiýa, Gazagystan, Katar, Gyrgyzystan, Hytaý, Latwiýa, Litwa, Moldowa, Mongoliýa, BAE, Oman, Pakistan, Polşa, Russiýa, Rumyniýa, Saud Arabystany, Demirgazyk Makedoniýa, Serbiýa, Slowakiýa, Sloweniýa, Täjigistan, Türkiýe, Özbegistan, Ukraina, Finlýandiýa, Fransiýa, Horwatiýa, Çehiýa we Estoniýa. Bu ýyl bu elektron ulgamy ulanyjylaryň hataryna Türkmenistan hem goşuldy.