Russiýadan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindistana uzaýan ulag geçelgesi işe giriziler

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Russiýa» birinji sammitinde eden çykyşynda Russiýadan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindistanyň deňiz portlaryna çenli baryp ýetjek halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmegiň zerurdygy barada we bu maksatlaryň ýola goýulmagynda Türkmenistanyň doly taýýardygy barada aýdyp geçdi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň dowamynda bu barada: «Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak babatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň öňünde açylýan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga tagallalary gönükdirmegi zerur hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýadan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz menzillerine çenli Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmek meselesine garamak zerurdyr» – diýip belledi.
Türkmenistanyň öz çäginden Pars aýlagyna, Eýranyň portlaryna, şol ýerden Hindistana gysga ýoly üpjün edýän ýurt hökmünde bu taslamany durmuşa geçirmäge girişmäge taýýardygyny hem döwlet Baştutanymyz sözünde nygtady.