Türkmenistan ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek teklibi bilen çykyş etdi

Ýakynda geçirilen II Hazar ykdysady forumynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H. Geldimyradow Hazarýaka döwletleriniň ulag-aragatnaşyk ulgamynda päsgelçilikleri ýüze çykarmak işlerini çaltlandyrmak, olary aradan aýyrmak, täze ulag-logistika geçelgelerini döretmek boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek barada teklibi aýtdy.
Wise-premýer Türkmenistanyň ulag ulgamyna milli ykdysadyýetiň işjeň ösýän we geljegi uly bolan ugry hökmünde garaýandygy nygtady. «Häzirki wagtda biziň ýurdumyz Demirgazyk-Günorta we Günbatar-Gündogar ugurlary boýunça ulag-tranzit geçelgelerinini durmuşa geçirýär. Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe, Özbegistan – Türkmenistan – Oman – Katar we TRASEKA ýaly halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşýar. Mundan başga-da Amyderýanyň üstünden awtomobil we demir ýol köprüsiniň, Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Türkmenabatda we Kerkide halkara aeroportlaryň, şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gurluşygynyň taslamalary durmuşa geçirildi», - diýip, H. Geldimyradow öz sözünde belledi.
Köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygyny, şeýle hem täze ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek teklibi öňe sürlüp, onuň aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrjakdygy nygtaldy.