Türkmenistan we Pakistan konteýnerli daşamalar boýunça tejribesini paýlaşýar

Pakistan Yslam Respublikasynyň Karaçi şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» Ählumumy maksatnamasynyň çäginde duşuşyklar guraldy. Oňa Türkmenistanyň we Gazagystanyň gümrük işgärleri hem gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, saparyň çäginde türkmen wekiliýeti Karaçi portundaky gözegçilik-geçiriş ýerindäki terminalyň hem-de «Qasim» halkara konteýner terminalynyň işi, ol ýerde hereket edýän Port gözegçilik topary tarapyndan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen hem tanyşdy.
Saparyň esasy maksady deňiz ýollary boýunça konteýnerler arkaly ýük daşamalaryna gözegçiligi guramakda Pakistanyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, Karaçi şäherindäki Porta we konteýner terminalyna baryp görmek, ol ýerde Port gözegçilik toparynyň işi bilen ýerinde tanyşmak hem-de Türkmenistanyň we Pakistanyň Port gözegçilik toparlarynyň özara hereketini işjeňleşdirmek üçin maslahatlary geçirmekden ybarat boldy.