Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý +993 422 6-34-37   lebapob@awtoulag.gov.tm
  • TM
  • RU
  • EN
LebapAutoulagLogo
«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi
HALKYŇ ARKADAGLY
ZAMANASY
LebapAutoulagLogo
  • Baş sahypa
  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Täzelikler
  • Sargytlar
  • Gatnawlaryn rejesi
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

Türkmenistan bilen Koreýa ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny artdyrýar

28.06.2022

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň Demir ýol korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk 2022-nji ýylyň 28-nji martynda öz işine başlady we 1-nji aprele çenli dowam eder.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän duşuşygyň başynda Koreýa Respublikasynyň Demir ýol korporasiýasynyň Prezidenti Na Hi Synyň wideoýüzlenmesi we Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň direktory Ço Ýoňminiň çykyşy diňlenildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýurtda alnyp barylýan ulag ulgamyndaky Günorta — Demirgazyk we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça magistral akymlaryň birleşdirilmegine gönükdirilen başlangyçlar barada belläp geçdiler.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web-saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşykda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Serhetabat — Turgundy, Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýollarynyň we Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň, şeýle-de ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň, howa menzilleriniň we deňiz portlarynyň Türkmenistanyň beýleki sebit ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň netijeli berkidilmeginde uly ähmiýete eýe bolýandygy barada bellenildi.

«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi

Bölümler

  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Galereýa
  • Täzelikler
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

Habarlaşmak üçin

  • Biziň salgymyz: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý
  • Telefon: +993 422 6-34-37; +993 422 6-29-11;
  • E-mail: lebapob@awtoulag.gov.tm
© "Lebapawtoulag" - Önümçilik birleşigi. Ähli hukuklar goragly.