Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý +993 422 6-34-37   lebapob@awtoulag.gov.tm
  • TM
  • RU
  • EN
LebapAutoulagLogo
«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi
HALKYŇ ARKADAGLY
ZAMANASY
LebapAutoulagLogo
  • Baş sahypa
  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Täzelikler
  • Sargytlar
  • Gatnawlaryn rejesi
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

Eýran Yslam Respublikasy sebite köp mukdardaky üstaşyr gatnaw ýüklerini çekmegi meýilleşdirýär

13.10.2022

2022-nji ýylyň geçen 6 aýynyň dowamynda Russiýanyň demirgazyk-gündogaryndan ugrap, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäginden geçen bäş sany tranzit ýük otlulary 4000 kilometr geçmek bilen Sarahs serhet geçelgesi arkaly Eýranyň çägine girdi. Ýük otlulary Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça hereket edip, Eýranyň çäginde 1600 km ýol geçýärler we Bender Abbasyň Şahid Rajaýi portuna baryp ýetýärler.

Bu günki günde 12 000 kilometrlik demir ýol tory hem-de 50 000 kilometrden gowrak awtomobil ýollary bolan Eýran sebitde ýokary tranzit ýük gatnaw mümkinçiligine we bu ugurdaky zerur infrastruktura eýedir. Eýran Yslam Respublikasynyň Ulag ministriniň orunbasary Şahriýar Afandizadeniň nygtamagyna görä, Russiýa häzirki wagtda dürli ugurlara 200 million tonna ýük eksport edýär we Eýran hem ýük tranzitinde onuň ep-eslisini (2023-nji ýyl üçin kesgitlemek bilen 10 million tonna) öz paýyna alyp biler.

Geçen hepdede — 8-9-njy oktýabr aralygynda EYR-yň paýtagty Tähran şäherinde Özbegistan, Türkmenistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Russiýa, Azerbaýjan hem-de EYR ýaly sekiz döwletiň gatnaşmagynda tranzit hyzmatdaşlygy boýunça ilkinji ministrler sammiti geçirildi. Bu köptaraplaýyn sammitiň jemlerinde Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan döwletleriniň arasynda tranzit ýük gatnawyny kuwwatlandyrmak barada bilelikdäki Beýannama gol çekildi.

Häzirki wagtda sebit derejesinde 2023-nji ýylda bu ýurtlaryň arasynda 20 million tonna üstaşyr ýük daşamalaryny üpjün etjek sebitleýin konwergensiýa we ulag synergiýasy ýaly tendensiýa bar. Bu maksadyň bolsa ýakyn wagtda 50 million tonna ýetmegine garaşylýar.

«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi

Bölümler

  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Galereýa
  • Täzelikler
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

Habarlaşmak üçin

  • Biziň salgymyz: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý
  • Telefon: +993 422 6-34-37; +993 422 6-29-11;
  • E-mail: lebapob@awtoulag.gov.tm
© "Lebapawtoulag" - Önümçilik birleşigi. Ähli hukuklar goragly.