Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý +993 422 6-34-37   lebapob@awtoulag.gov.tm
  • TM
  • RU
  • EN
LebapAutoulagLogo
«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi
HALKYŇ ARKADAGLY
ZAMANASY
LebapAutoulagLogo
  • Baş sahypa
  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Täzelikler
  • Sargytlar
  • Gatnawlaryn rejesi
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

Türkmen ― Eýran serhedindäki ýene bir gözegçilik-geçiriş nokady işläp başlady

21.03.2023

Türkmenistan Eýrandan diňe Aşgabat şäherine barýan we agramy 20 tonnadan geçmeýän ýük ulaglaryna «Howdan ― Bajygyran» gözegçilik-geçiriş nokadyndan geçmäge rugsat berdi.

Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Horasan sebitindäki wekili Mohammad Beheşti habar berdi ― diýip, IRNA habarlar agentligi ýazýar.

Mälim edilişine görä, iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen, türkmen tarapy Eýranyň 10 sany ýük awtoulagyna ady agzalan serhet gözegçilik-geçiriş ýerinden geçmäge rugsat etdi. Bütin dünýäde dörän COVID-19 ýagdaýlary sebäpli, «Howdan-Bajygyran» serhet gözegçilik-geçiriş ýeri ýük awtoulaglary üçin 3 ýyllap wagtlaýyn ýapyk bolupdy. Häzirki wagtda türkmen-eýran serhedindäki ähli gözegçilik-geçiriş ýerleri arkaly ýükleri geçirip bolýar.

Bajygyran serhet gözegçilik-geçiriş nokady Aşgabatdan 35 kilometr günortada ýerleşýär.

Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda Türkmenistan — Eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Howdan-Bajygyran» gözegçilik-geçiriş ýerinde iki ýurduň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň iş duşuşygy geçirildi.

«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi

Bölümler

  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Galereýa
  • Täzelikler
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

Habarlaşmak üçin

  • Biziň salgymyz: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý
  • Telefon: +993 422 6-34-37; +993 422 6-29-11;
  • E-mail: lebapob@awtoulag.gov.tm
© "Lebapawtoulag" - Önümçilik birleşigi. Ähli hukuklar goragly.