«Türkmenawtoulaglary» Aşgabatda altynjy gezek geçiriljek halkara sergä gatnaşmaga taýýarlyk görýär

«Türkmenawtoulaglary» agentligi şu günler Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2022» atly XV halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Bu halkara çäreler 10 ― 11-nji noýabr günlerinde Aşgabat şäherinde geçiriler.
Halkara serginiň myhmanlary agentligiň ýörite sergi bölüminden edilýän hyzmatlar barada giňişleýin maglumatlary alyp bilerler. Tehniki parkynyň üsti yzygiderli ýetirilip durulýan agentlik bilen bagly iň soňky täzelikler we sanly ulgam boýunça edilýän hyzmatlar halkara sergide öz beýanyny tapar.
Şeýle hem agentligiň wekilleri ylmy maslahatda çykyş edip, ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa toplumynyň şu güni we geljegi baradaky pikirdir tekliplerini orta atarlar.
«Türkmentel» ― sebit boýunça maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamyndaky iň uly çäreleriň biri bolup, ol ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar we telekommunikasiýa ugry boýunça täze üstünlikleri, tejribeleri we pikirleri ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligini berýär.
Türkmen işläp düzüjileriniň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryndaky gazanan üstünliklerini görkezmek üçin geçirilýän bu forum Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar ageniginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde gurnalýandygyny bellemek gerek.