Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý +993 422 6-34-37   lebapob@awtoulag.gov.tm
  • TM
  • RU
  • EN
LebapAutoulagLogo
«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi
HALKYŇ ARKADAGLY
ZAMANASY
LebapAutoulagLogo
  • Baş sahypa
  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Täzelikler
  • Sargytlar
  • Gatnawlaryn rejesi
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

Gurbanguly Berdimuhamedow Sport-ulag merkezine bardy

06.03.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport-ulag merkezinde täze gelip gowşan sport ulaglaryny synagdan geçirdi. Täzeçil tehnologiýalar we häzirki zamanyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen sport ulaglarynyň tizlik we oňaýlylyk babatda birnäçe artykmaçlyklary bar.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkezine täze gelip gowşan häzirki zaman sport ulaglarynyň özboluşly aýratynlyklary, olaryň sport ulaglaryna mahsus derejeli enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sport maksatly ýöriteleşdirilen ulagyň tehniki häsiýetlerinden, aýratyn-da, tizligi artdyrmagyň mümkinçiliklerinden we onda sürüji üçin döredilen şertlerden peýdalanyp, awtoulag sportuna ýöriteleşdirilen meýdançada birnäçe aýlawlary ýerine ýetirdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy awtomobil sporty boýunça ýokary halkara görkezijilere laýyklykda enjamlaşdyrylan täze sport ulaglarynyň ýene-de biriniň tizligini, onda üpjün edilen mümkinçilikleri synagdan geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sport awtoulaglarynyň ähli görkezijilerine ýokary baha berdi.

«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi

Bölümler

  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Galereýa
  • Täzelikler
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

Habarlaşmak üçin

  • Biziň salgymyz: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý
  • Telefon: +993 422 6-34-37; +993 422 6-29-11;
  • E-mail: lebapob@awtoulag.gov.tm
© "Lebapawtoulag" - Önümçilik birleşigi. Ähli hukuklar goragly.