Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý +993 422 6-34-37   lebapob@awtoulag.gov.tm
  • TM
  • RU
  • EN
LebapAutoulagLogo
«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi
HALKYŇ ARKADAGLY
ZAMANASY
LebapAutoulagLogo
  • Baş sahypa
  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Täzelikler
  • Sargytlar
  • Gatnawlaryn rejesi
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

Alýat erkin ykdysady zolagy türkmen we türk kompaniýalaryna öz hyzmatlaryny hödürleýär

15.12.2022

Türkmen kompaniýalarynyň wekillerine geljekde Hazar deňziniň azerbaýjan kenaryndaky Alýat erkin ykdysady zolagynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik dörediler. Bu barada Awazada geçirilen üçtaraplaýyn sammitde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew aýtdy.

Prezident Ilham Aliýewiň bellemegine görä, Azerbaýjan sebitde iň uly raýat awiasiýasyna eýe bolup, 18 sany ýük uçary bar. Geljek 10 ýylyň içinde Azerbaýjanyň ýük awiasiýasynyň sanawyna ýene-de 9 sany ýük uçaryny goşmak göz öňünde tutulýar. Azerbaýjanda jemi 8 sany halkara howa menzili hereket edýär.

Prezident Ilham Aliýewiň sammitde bellemegine görä, Azerbaýjan Hazar deňzinde iň uly deňiz flotuna eýe bolup, 50-den gowrak ýük gämisi hereket edýär. 2013-nji ýylda işe girizilen Bakuwyň gämi gurluşyk zawodynyň mümkinçilikleri bu ýerde islendik görnüşli gämileri gurmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda gämigurluşyk zawody doly güýjünde işleýär.

Azerbaýjan Lideriniň bellemegine görä, Bakuwyň Halkara deňiz porty ýylda 15 million tonna ýüki geçirmäge ukyply bolup, bu möçberi ýylda 25 million tonna ýetirmek boýunça serişdeleri bölüp bermek meýilleşdirilýär. Bu portdan ýükleri Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä tarap geçirmek üçin 2017-nji ýylda Baku — Tbilisi — Kars demir ýol geçelgesi hem açyldy. Bu demir ýol geçelgesiniň geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak üçin hem ýene 100 million dollar gönükdiriler. Şeýlelikde, demir ýol geçelgesiniň ýük geçirijilik mümkinçiligi ýyllyk 1 million tonnadan 5 million tonna çenli ýokarlandyrylar.

«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi

Bölümler

  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Galereýa
  • Täzelikler
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

Habarlaşmak üçin

  • Biziň salgymyz: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý
  • Telefon: +993 422 6-34-37; +993 422 6-29-11;
  • E-mail: lebapob@awtoulag.gov.tm
© "Lebapawtoulag" - Önümçilik birleşigi. Ähli hukuklar goragly.