«Türkmenhowaýollary» agentliginde Kataryň ilçisi kabul edildi
10.03.2023

Kataryň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy ilçi Hamad bin Raşid Hamad bin Hamad Al-Azbiniň Aşgabatda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Döwran Saburow bilen duşuşandygyny habar berdi.
Mälim bolşy ýaly, iki döwletiň arasynda howa gatnawy barada Hökümetara şertnamasyna 2016-njy ýylda gol çekilipdi.
Duşuşykda dostlukly iki ýurduň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.