Türkmenistandan Gazagystana ýol çekmek boýunça halkara bäsleşik yglan edildi

Ýakyn geljekde Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi aralygynda täze, döwrebap awtomobil ýoly gurlar.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bu babatda «Türkmenistan» gazetinde ýörite bildiriş berdi. Onda nygtalyşy ýaly, agentlik ýoluň we onuň ugrundaky desgalaryň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan edýär.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 2-nji maýyna çenli kabul edilýär.
• Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.
• Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44-46-64, 44-46-77.