Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana resmi sapar bilen geler

16-njy oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 20-21-nji oktýabrda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmeginiň meýilleşdirilýändigi barada hasabat berildi. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatynda belledi diýip, TDH habar berýär.
Bu babatda Prezident Şawkat Mirziýoýewiň resmi saparyna taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde özbek tarapy bilen bilelikde, saparyň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Onuň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek nazarda tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz degişli hasabaty diňläp, iki doganlyk halkyň taryhy gatnaşyklaryna hem-de ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyna daýanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň hemişe dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetini belledi. Şunuň bilen birlikde hem, hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi saparynyň hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mejlisiň barşynda meýilleşdirilýän ýokary derejedäki nobatdaky gepleşikleriň möhümdigini, olaryň strategik häsiýete eýe bolan özara bähbitli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi bermäge gönükdirilendigini belledi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyrjak resmi saparynyň çäklerinde iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda «Daşkent» seýilgähiniň hem dabaraly açylyşy hem meýilleşdirilýär.