Türkmenistan ― dünýäde benziniň iň arzan döwletleriniň biri
11.03.2023

1 litriň ortaça bahasyndan 3 esse arzanlygy bilen Türkmenistan dünýäde benziniň iň arzan döwletleriniň hatarynda görkezilýär.
Bu barada «Global Petrol Prices» kompaniýasy tarapyndan geçirilen seljermede aýdylýar.
Has takygy, Türkmenistanda benziniň bir litri 0,428 amerikan dollaryna barabardyr.
Reýtingde benziniň iň arzan ýurdy hökmünde Wenesuelanyň (1 litriň bahasy 0,016 amerikan dollary) ady getirilýär. Benziniň iň gymmat ýurdy bolsa Gonkong (1 litriň bahasy 2,942 amerikan dollary) hasaplanýar. 2023-nji ýylyň fewral aýynyň jemleri boýunça toplanan maglumatlar häzirki wagtda dünýäde 1 litr benziniň ortaça bahasy 1,30 amerikan dollaryna barabardyr.