Ýaponiýadan Türkmenistana 560 million dollarlyk tehnika getirilýär

Ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary üstünlikli amala aşyryldy. Onuň barşynda Ýaponiýanyň iri konsernleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.
Olaryň barşynda Berdimuhamedowyň bellemegine görä, Ýaponiýadan Türkmenistana 560 million dollarlyk tehnika getirilýär.
Iş duşuşyklarynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana Ýaponiýanyň Toyota we Komatsu söwda belgili ýörite hem-de awto ulaglarynyň gelip başlandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň çäginde häzirki wagtda iş alyp barýan ýapon telekeçileri bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy onuň ýurduň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýändigini belledi.