Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý +993 422 6-34-37   lebapob@awtoulag.gov.tm
  • TM
  • RU
  • EN
LebapAutoulagLogo
«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi
HALKYŇ ARKADAGLY
ZAMANASY
LebapAutoulagLogo
  • Baş sahypa
  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Täzelikler
  • Sargytlar
  • Gatnawlaryn rejesi
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

Türkmen wekiliýeti Astrahanda Hazar sebitiniň ulag-logistikasyna bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahatyň gatnaşyjysy bolar

09.03.2023

Türkmenistan şu ýylyň 26-27-nji aprelinde Astrahanda geçiriljek «Hazar sebitiniň ulag-logistikasy — 2023» atly halkara maslahata gatnaşar. «AstrahanFM» neşiriniň habar berşi ýaly, onda Wolga-Hazar ulag we logistika ekosistemasynyň we Ýewraziýanyň halkara ulag geçelgeleriniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Forumyň esasy wezipesi işewür toparlaryň, telekeçilige degişli däl pudagyň hünärmenlerini bir ýere jemlemekden ybarat bolar. Oňa Türkmenistandan başga-da, Russiýadan, Eýrandan, Hindistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan we gyzyklanma bildirýän beýleki daşary ýurtlardan wekiliýetler gatnaşar. 

Maslahatyň dowamynda Demirgazyk-Günorta, Günbatar-Gündogar, Demirgazyk-Gündogar, Günorta-Günbatar geçelgeleriniň mümkinçiliklerine baha berler.

Forumyň netijelerine esaslanyp işlenip düzüljek teklipler gutarnykly kararlar görnüşinde çap ediler we degişli döwlet edaralaryna hödürlener.

«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi

Bölümler

  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Galereýa
  • Täzelikler
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

Habarlaşmak üçin

  • Biziň salgymyz: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý
  • Telefon: +993 422 6-34-37; +993 422 6-29-11;
  • E-mail: lebapob@awtoulag.gov.tm
© "Lebapawtoulag" - Önümçilik birleşigi. Ähli hukuklar goragly.