Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý +993 422 6-34-37   lebapob@awtoulag.gov.tm
  • TM
  • RU
  • EN
LebapAutoulagLogo
«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi
HALKYŇ ARKADAGLY
ZAMANASY
LebapAutoulagLogo
  • Baş sahypa
  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Täzelikler
  • Sargytlar
  • Gatnawlaryn rejesi
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

Türkmen wekiliýeti II Hazar ykdysady forumyna gatnaşýar

06.10.2022

Şu gün Moskwa şäherindäki «Skolkowo» tehnoparkynda II Hazar ykdysady forumyna  badalga berildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar. 

Hazar ykdysady forumy kenarýaka döwletleriň we olaryň serhetdeşleriniň hyzmatdaşlygynyň işjeň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin iri meýdançadyr. 

Foruma Hazarýaka döwletleriň - Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň resmi wekiliýeti, rus hökümetiniň federal we sebit edaralarynyň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşýar. Bu barada moscow-baku.ru habar berýär.

HYF-nyň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, ekologiýa, energetika,  ulag we logistika, energetika, we syýahatçylyk, şäher infrastrukturasy we durmuş-ykdysady ulgamda gatnaşyklaryň ösüşi bilen bagly meselelere garalar. 

Forum bilen ugurdaş  Hazarýaka döwletleriniň söwda senagat edaralarynyň işewürlik hyzmatdaşlygynyň Halkara geňeşiniň mejlisi, «Işewür Hazar» atly Hazarýaka ýurtlarynyň şäher häkimlikleriniň we häkimleriniň maslahaty geçiriler.

Forumyň barşynda «Hazar sebiti uly Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň bölegi hökmünde: ösüşiň täze çagyryşlary we mümkinçilikleri», «hazar bäşliginiň» energetika taslamalary», «Hazar: Ýewraziýa ulag-logistika merkezi», «Hazar sebitiniň ýurtlarynyň syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy», «Hazar sebiti bütindünýä klimat gün tertibinde: çagyryşlar, mümkinçilikler, çemeleşmeler» ýaly ugurlar boýunça pikir alşylar. 

I Hazar ykdysady forumy   2019-njy ýylda Türkmenistanda geçirildi.  2018-nji ýylda    «hazar bäşligine» girýän döwletleriň Baştutanlary Hazar deňziniň derejesi hakynda Konwensiýa we Hazar ykdysady forumynyň hemişelik meýdançasyny döretmek barada çözgüde gol çekdiler. 

Şu ýylyň iýunynda Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda    VI Hazar sammiti geçirildi.

«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi

Bölümler

  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Galereýa
  • Täzelikler
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

Habarlaşmak üçin

  • Biziň salgymyz: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý
  • Telefon: +993 422 6-34-37; +993 422 6-29-11;
  • E-mail: lebapob@awtoulag.gov.tm
© "Lebapawtoulag" - Önümçilik birleşigi. Ähli hukuklar goragly.