Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý +993 422 6-34-37   lebapob@awtoulag.gov.tm
  • TM
  • RU
  • EN
LebapAutoulagLogo
«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi
HALKYŇ ARKADAGLY
ZAMANASY
LebapAutoulagLogo
  • Baş sahypa
  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Täzelikler
  • Sargytlar
  • Gatnawlaryn rejesi
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

Hyzmatlar



Taksilerde ýolagçy gatnatmak

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna döwrebap ulag hyzmatlaryny hödürlemek maksady bilen, «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigi tarapyndan taksilerde ýolagçy gatnatmak hyzmaty alnyp barylýar. Häzirki wagtda welaýat merkeziniň çäginde «Hyundai Elantra» kysymly taksi ulaglarynyň 10-sy hereket edýär. Günüň islendik wagty welaýat merkeziniň çäginde taksi ulagyndan peýdalanmak isleýän raýatlar «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine ýüz tutup bilerler.


Şäheriçi we şäherara ýolagçy gatnawlary

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde hyzmat edýän taksi we ýolagçy awtobuslaryndan başga-da, welaýatyň etraplarynyň arasynda hem ýolagçy gatnatmak üçin döwrebap awtoulaglar hereket edýär. • Paz-32054 kysymly awtobuslaryň 174-si ýolagçylary gatnatmak hyzmatyny alyp barýarlar. Bu ulaglaryň 96-sy şäher içi, 78-si bolsa şäherara gatnaýarlar. • Iran Hodro kysymly awtobuslaryň hem 52-si şäher içinde raýatlara hyzmat edýär. • «Hyundai New Aero City» awtobuslaryň hem 55-si şäher içine gatnaýar. • «Yutong» kysymly awtobuslaryň hem ikisi şäherara gatnaw hyzmatyny alyp barýarlar. Bellenilen wagt arasynda hereket edýän döwrebap awtobuslarda ýolagçylar üçin ähli ýeňillikler döredilen. Bu bolsa raýatlaryň barmaly menziline hiç hili bökdençsiz barmagyny üpjün edýär.


Ýük daşamak hyzmaty

Häzirki wagtda birleşige degişli bolan Kamaz-6520 kysymly ýük daşaýan ulaglaryň 152-si, Kamaz-65115 kysymly ýük daşaýan ulaglaryň bolsa 103-si hereket edýär. Edaradyr kärhanalar, ýaşaýjylar, telekeçiler özlerine gerekli ýükleri daşamak üçin «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine ýüz tutup bilerler. Gije-gündiziň dowamynda zähmet çekýän sürüji dürli agramlykda ýükleri öz barmaly menziline üstünlikli eltmekde, şeýle-de müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmakda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.


Ulag sargyt etmek

“Lebapawtoulag” awtoulag önümçilik kärhanasyna degişli bolan ulaglaryň hyzmatlaryndan peýdalanmaga isleg bildirýän raýatlar, müşderiler kärhananyň Awtoulaglary ulanyş bölümine ýüz tutup, özlerine gerekli ulagy islendik wagt sargyt edip bilýärler. Sargyt üçin tölegler ýüküň möçberine, adam sanyna we barmaly menziliniň uzaklygyna görä, Ykdysadyýet we maliýe bölüminiň hasaplamalary esasynda nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär.



«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň hyzmatyndan peýdalanjak raýatlarymyz şu salgy boýunça habarlaşyp, özlerine gerekli ulaglary sargyt edip bilerler :

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý

Telefon: 8 442 6-34-37; 8 442 6-29-11

Faks: 8 442 6-29-11

«Lebapawtoulag»
önümçilik birleşigi

Bölümler

  • Biz barada
  • Hyzmatlar
  • Galereýa
  • Täzelikler
  • KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
  • Habarlaşmak

Habarlaşmak üçin

  • Biziň salgymyz: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Babagammar köçesi, 89-njy jaý
  • Telefon: +993 422 6-34-37; +993 422 6-29-11;
  • E-mail: lebapob@awtoulag.gov.tm
© "Lebapawtoulag" - Önümçilik birleşigi. Ähli hukuklar goragly.